Kanadaly alymlar Gobi çölünde tirannozawryň täze görnüşini açdy

  • 15.06.2025 15:27
  • 5.9k+

Kanadaly paleontologlar dinozawrlaryň Tyrannosaurus rex-e ýakyn bolan täze görnüşini açdy.

ABC-niň alymlara salgylanyp habar bermegine görä, gürrüň 1970-nji ýyllarda Mongoliýadaky Gobi çölünde tapylan skeletler barada gidýär. Ozal olar Electrosaurus görnüşine degişli edilipdi diýip, Kalgari uniwersitetiniň dosenti Darla Zeleniski gürrüň berdi. Ýöne gaýtadan seljerilenden soň, hünärmenler munuň Khankhuuluu mongoliensis diýlip atlandyrylan aýratyn görnüşdigi baradaky netijä geldi.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, täze görnüş T. Rex-i öz içine alýan Eutyrannosaurias toparynyň ýakyn garyndaşy bolup, irki kiçi tirannozawrlar bilen uly ýyrtyjylaryň arasyndaky “ýetmeýän halka” hasaplanyp bilner. Açyş bu dinozawrlaryň ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär diýip, Zeleniski belledi.


Bu açyşyň açary 2023-nji ýylda, aspirant Jared Worisiň Mongoliýa syýahaty wagtynda dinozawrlaryň Merkezi muzeýinde iki skeletiň özboluşly aýratynlyklaryna üns bermegi bilen tapyldy.  Dinozawrlaryň burnunyň golaýynda howa boşlugy bolup, olaryň aýak süňkleriniň gurluşy-da başgaçady – bu bolsa uly ýyrtyjylar üçin mahsus bolmadyk alamatlardy.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň başynda alymlar 1942-nji ýylda ABŞ-da tapylan Nanotyrannus lancensis-iň galyndylaryny öwrendi. Uzak wagtlap bu T. Rex-iň çagasy diýlip hasaplanypdy, ýöne täze seljerme munuň özbaşdak görnüşdigini tassyklady. Şeýle dinozawrlar has çalasyn bolup, olaryň uzyn öň aýaklary bolupdyr we olar güýje daýanýan has uly T. Rex-den tapawutlylykda tizlige bil baglapdyr.


şu gün 17:37
616

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......