BMW öwrüm görkezijilerini özbaşdak ýakýan iX3 elektromobiliniň nusgasyny görkezdi

  • 15.06.2025 15:18
  • 5.4k+

BMW täze Neue Klasse platformasynyň esasynda döredilen iX3 elektromobiliniň nusgasyny hödürledi. Ulag The Verge-iň žurnalistleri tarapyndan eýýäm synag edildi.

Neşir bu elektromobilde sürüjä kömek ulgamynyň has “ýumşak” işleýändigini aýtdy, ýagny ol dolandyryşy öz üstüne almaýar-da, sürüjä diňe kömek edýär.
Mysal üçin, eger sürüji gapdal aýna seretse, ulag zolak çalşylanda, öwrüm görkezijilerini özbaşdak ýakýar. Ulag doly derejede sürüjiniň dolandyrmagynda galýar – tehnologiýalar bolsa howpsuzlygy ýokarlandyryp, dolandyrmagy ýeňilleşdirýär.
Ýörite kameralar sürüjiniň nirä seredýändigini we onuň näderejede ünslüdigini yzarlaýar. Eger üns gowşasa, ulag howsala signalyny bermeýär-de, adamyň nazaryny buýruk hökmünde kabul edýär.
Elektromobiliň bir zarýadda geçýän menzili 650 km barabar. 400 kWt çenli kuwwatly zarýad alşyň netijesinde 10 minutda 320 km ýol üçin zarýad dolduryp bolýar. Hasaplaýyş platformasy sensorlardan, kameralardan we radarlardan alnan maglumatlary gaýtadan işleýän Qualcomm Snapdragon Ride çibine esaslanýar.
Hereketi dolandyryş üçin Heart of Joy atly aýratyn prosessor jogap berýär. Ol 400 at güýjüni berýän iki elektrik hereketlendirijisini dolandyrýar we doly herekete getirijini üpjün edýär. Synag sürüşi wagtynda žurnalistler ulgamyň şeýle bir saz işleýändigini, şonuň üçin ulagyň hatda doly saklanýan pursatyny hem duýup bolmaýandygyny belledi.
Interýerde tutuş paneli eýeleýän Panoramic Vision displeýi bar.
The Verge neşiri kompaniýanyň müşderileri X3-iň benzin wersiýasyndan elektrik wersiýasyna geçmäge ynandyryp bilmeginiň iX3-üň üstünligine baglydygyny ýazýar. 


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......