Karl III 1200-den gowrak adama rysarlyk derejesini berdi we atlar bilen sylaglady

  • 16.06.2025 11:49
  • 5.1k+

1215 adam Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-niň doglan güni mynasybetli baýraklara mynasyp boldy. Olaryň arasynda futbolçy Dewid Bekhem, aktýor Geri Oldman, The Who toparynyň agzasy Rojer Doltri we ýazyjy Pet Barker bar diýip, The Guardian habar berýär.

Bekhem sportda we haýyr-sahawatda bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk adyny aldy, futbolçy ýigrimi ýylyň dowamynda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk etdi we gyzzyrmany ýok etmek bilen meşgullanýan Malaria No More haýyr-sahawat guramasynyň kampaniýasyna gatnaşdy. Şeýle-de, ol Londonyň 2012-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hukugyny almakda möhüm rol oýnady.
“Oskar” baýragynyň eýesi Geri Oldman drama sungatyna goşan goşandy, şol sanda “Garri Potter we Azkaban ýesiri” filminde Sirius Blekiň, “Agyr döwürler” baýopikinde Çerçilliň keşbi üçin rysarlyk adyny aldy.
Doltri aýdym-saz we haýyr-sahawat işleri, aýratynam, ýetginjeklerde rak keseline garşy göreş gaznasyna kömegi üçin sylaglandy.
Şeýle-de, sylaglananlaryň arasynda aktrisa Eleýn Peýj, öňki goranmak ministri Penni Mordont, telealypbaryjylar Tess Deýli we Klaudiýa Uinklman, darts oýunçylary Lýuk Littler we Lýuk Hamfris bar.
Iň garry laureat Ikinji jahan urşunyň 106 ýaşly weterany Uilýam Irwin boldy. Ol jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlary üçin Britan imperiýasynyň medaly bilen sylaglandy. Bornmutdan 11 ýaşly Karmela Çilleri-Uotson taryhda Britan imperiýasynyň ordeniniň iň ýaş kawaleri boldy. Myşsa distrofiýasynyň seýrek görnüşi bolan (L-CMD, million adamdan biri duşýar) gyzjagaz Muscular Dystrophy UK üçin serişde ýygnamak bilen tapawutlandy.
Beýik Britaniýanyň ösüşine goşan goşandy üçin baýraklar ýylda iki gezek diňe bir jemgyýetçilik işgärlerine we meşhur adamlara däl, eýsem adaty raýatlara hem berilýär: Täze ýylda bir gezek, ikinjisi patyşanyň doglan güni mynasybetli iýunda.
Ýeňijiler hökümetiň we jemgyýetiň nominasiýalary esasynda döwlet gullukçylarynyň komiteti tarapyndan saýlanýar. Baýraklar Bukingem köşgünde patyşanyň hut özi ýa-da onuň adyndan hereket edýän şa maşgalasynyň ýokary wezipeli agzasy tarapyndan berilýär.


03.07.2025 11:18
14k+

Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder

Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy...

09.05.2025 16:07
7.1k+

Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň täze portretlerini görkezdi

Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň iki sany täze portretini görkezdi. Suratlar köşgüň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu suratlar 2023-nji ýylda sargyt edildi. Suratkeşleri bolsa şanyň we şa aýalynyň özi saýlady...

27.07.2024 12:54
8.2k+

Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň girdejisi 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy

Karl III-niň şa emläkleri geçen ýyl 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu barada Britaniýanyň şa maşgalasy tarapyndan hödürlenen maliýe hasabatyna salgylanyp, BBC News habar berýär. Girdejileriň artmagy...

17.06.2024 11:50
13k+

Serdar Berdimuhamedow Karl III-ni resmi ýaş toýy mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny...