Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň girdejisi 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy

  • 27.07.2024 12:54
  • 8.4k+

Karl III-niň şa emläkleri geçen ýyl 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu barada Britaniýanyň şa maşgalasy tarapyndan hödürlenen maliýe hasabatyna salgylanyp, BBC News habar berýär.

Girdejileriň artmagy şa maşgalasynyň eýeçiligine alty sany täze ýel elektrik stansiýasynyň goşulmagy bilen baglanyşyklydyr. Girdejiniň ýokarlanmagy şa maşgalasynyň indiki maliýe ýylynda aljak döwlet pul kömeginiň hem artmagyna getirer. Ol 132 mln funt sterling bolar, bu häzirki mukdardan 45 mln köpdür.

Pul serişdeleri Bukingem köşgüniň abatlaýyş işlerine we köneleri çalyşmak üçin iki sany täze dikuçaryň satyn alynmagyna sarp ediler. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, şanyň aktiwleriniň we emläkleriniň umumy bahasy 34,3 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. Bu mukdar Bukingem we Kensington köşklerini, şeýle-de Londondaky hem-de Beýik Britaniýanyň başga sebitlerindäki ýerleri we gozgalmaýan emläkleri öz içine alýar.


27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.3k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6.2k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...