Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň täze portretlerini görkezdi

  • 09.05.2025 16:07
  • 7.3k+

Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň iki sany täze portretini görkezdi. Suratlar köşgüň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Bu suratlar 2023-nji ýylda sargyt edildi. Suratkeşleri bolsa şanyň we şa aýalynyň özi saýlady. Karl III-niň portretini Piter Kuhfeld çekdi. Ol köp ýyl bäri şa maşgalasy bilen hyzmatdaşlyk edýär, öň şazada Uilýam bilen Garriniň portretlerini çekdi hem-de daşary ýurt syýahatlarynda Karlyň ýanynda boldy.
Suratkeş portretiň üstünde bäş gezek işledi. Olaryň ikisi Sent-Jeýms köşgüniň bezelen otaglarynda geçdi we bu ýerde fon hökmünde Tagt zaly ulanyldy. Galan seanslar Windzor galasynda geçirildi. Däp bolşy ýaly, patyşa döwlet mantiýasynda we medallar bilen harby-deňiz formasynda şekillendirildi. Onuň gapdalynda stolda Imperatoryň döwlet täji dur.
Şa aýaly Kamillanyň portretini Pol S.Benni çekdi. Portretde Kamilla mantiýada we şirmaýy reňkli köýnekde şekillendirilen. Ol är-aýalyň tebigata bolan söýgüsini alamatlandyrýan kümüş we altyn gül nagyşlary bilen bezeldi. Köýnegi dizaýner Brýus Oldfild döretdi. Suratkeş portreti Klarens-hausda alty tapgyrda çekdi.
Britan monarhlarynyň resmi portretlerini döretmek 1620-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän däpdir. Karl III bilen Kamillanyň täze suratlary 6-njy maýdan 5-nji iýun aralygynda Milli galereýanyň Merkezi zalynda goýlar. Soň olar Bukingem köşgüniň Tagt zalyna geçiriler.


14.03.2026 15:33
3.1k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...