Serdar Berdimuhamedow Karl III-ni resmi ýaş toýy mynasybetli gutlady

  • 17.06.2024 11:50
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......