Janköýerleriň ýürekleri oýundan öň oýun wagtyndakysyna garanyňda has çalt urýar. Alymlar munuň sebäbini anykladylar

  • 15.06.2025 12:27
  • 11k+

Görlüp oturylsa, futbol janköýerleri oýnuň dowamynda däl-de, eýsem ondan öň has uly tolgunmany başdan geçirýän eken. ABŞ-ly we braziliýaly alymlar “Proceedings of the National Science Academy” žurnalynda çap edilen barlagda  janköýerleriň ýüreginiň näme üçin oýna başladýan jürlewügiň çalynmazdan öň has çalt urýandygyny anykladylar.

Konnektikut uniwersitetiniň amerikaly antropology Dimitris Ksigalatas Minas-Žeraýs ştat çempionatynyň jemleýji oýnunda Braziliýanyň iki klubunyň janköýerlerini öwrendi. Barlagçylar emosional joşgunyň görkezijisi bolan ýürek urmasyny yzarlamak üçin Holter monitorlaryny ulandylar. Olar janköýerlere duşuşykdan öň, duşuşygyň dowamynda we ondan soň gözegçilik etdiler.
Braziliýada janköýerler oýundan öň Rua de Fogo (“otly köçe”) atly dessury ýerine ýetirýärler. Müňlerçe adam eli alawly, baýdakly we tüsse şaşkaly stadionyň daşyna üýşýär. Olar petarda ýarýarlar, garşydaşlaryna garşy sanawaç aýdýarlar we garşydaşlaryndanam gaty gygyryp toparynyň senasyny aýdýarlar. Alymlar edil şol wagt olaryň duýgularyň iň ýokary derejä ýetýändigini bellediler.
Barlag däp-dessurlaryň bir wagtyň özünde bir topar adamyň şatlygy we jebisligi başdan geçirýän “köpçülikleýin şady-horramlygyna” sebäp bolýandygyny ýüze çykardy. Ksingalatasyň sözlerine görä, däp-dessurlar diňe bir daş-töweregiň ýagdaýy bolman, eýsem agzybirlik duýgusyny döredýän esasy guraldyr.
Alymlaryň gelen netijeleri diňe sporta degişli däl. Şuňa meňzeş mehanizmler konsertlerde, dini dessurlarda we ýygnaklarda hem täsirlidir.
Şeýle çärelere gatnaşmak diňe bir duýga däl, hatda ynanja-da güýçli täsir edýär.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......