Açyk reňkli awtoulaglar ýyl geçdikçe bahasyny gowy saklaýar, ýöne olary satmak kyn - barlaglar

  • 14.06.2025 18:08
  • 5.9k+

Açyk reňkli, ýagny sary, ýaşyl ýa-da mämişi awtoulaglaryň bahasy gara, ak ýa-da çal reňkli awtoulaglaryň bahasyndan haýal düşýär. Bu barada iSeeCars barlagyna salgylanýan CarBuzz ýazýar.

Üç ýylyň dowamynda sary awtoulaglar bahasynyň ortaça 24%-ni (ABŞ bazarynda 13 600 dollar), mämişi awtoulaglar 24,4%-ni, ýaşyl awtoulaglar 26,3%-ni ýitirýär. Deňeşdirmek üçin, gara awtoulaglar bahasynyň 31,9%-ni (15,400 dollar), ak awtoulaglar 32,1%-ni (15 500 dollar) ýitirýär. Bazar boýunça gymmatynyň gaçyş derejesi ortaça 31%. Gyzyl, goňur we gök awtoulaglar hem monohrom awtoulaglara garanda has haýal gymmatyny ýitirýärler.
Seljerijiler muny açyk reňkdäki awtoulaglaryň gytlygy bilen düşündirýärler. Olar gara, ak ýa-da çal reňklere garanda az öndürilýär. Şeýle awtoulaglara isleg belli bir toparyň arasynda has ýokary, şu hem olaryň ulanylan ulaglaryň bazaryndaky bahasyny goldaýar. Şeýle-de bolsa, açyk reňkli awtoulag satyn alýanlar az we köplenç belli modelleri we konfigurasiýalary gözleýärler. Şol sebäpli şeýle awtoulaglary satmak kynrak.
Lak-boýag materiallaryny öndüriji BASF-yň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda awtoulag bazaryndaky iň meşhur reňkler ak, gara we çal reňkler bolmagynda galdy. Sary reňk iki esse meşhur boldy, ýöne onuň paýy 1,5% -den geçmeýär.

şu gün 14:34
1.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....