Ýewropada dünýäniň iň gadymy restorany diýlip atlandyrylmak hukugy üçin jedel gidýär

  • 15.06.2025 12:44
  • 6.8k+

Madridiň Sobrino de Botin restorany 1987-nji ýyldan bäri dünýäde iň gadymy restoran hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär. Ol 1725-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ýöne bu titul ugrunda şäheriň eteginde ýerleşýän Casa Pedro tawernasy hem göreşýär diýip, Independent habar berýär.

Casa Pedro-nyň eýeleri bu restoranyň XVIII asyryň başyndan bäri işleýändigini we 1930-njy ýyllaryň raýatlyk urşuny, XIX asyryň başynda Napoleon söweşlerini we hatda XVIII asyryň başynda Ispaniýanyň mirasy üçin urşy başdan geçirendigini aýdýar.

“Hawa, biz 1702-nji ýyldan bäri işleýäris” diýseň, ýöne... muny subut edip bilmeseň, bu hakykatdanam gynandyrýar” – diýip, restoranyň eýesi Irene Ginýales belleýär. Onuň maşgalasy bu tawerna eýýäm sekiz nesil bäri eýeçilik edýär. Ginýalesiň aýtmagyna görä, onuň atasy restoranyň 300 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigine ant içipdir. Ýöne dilden subutnama ýeterlik däl. Şol sebäpli maşgala restoranyň ýaşyny tassyklamak üçin resminamalary gözlär ýaly ýörite taryhçyny işe çekdi.

Taryhçy restoranyň azyndan 1750-nji ýyldan bäri işleýändigine subutnama tapdy.
Casa Pedro özüniň şol bir ýerde şol bir at bilen işländigini we ýapylmandygyny subut etmeli. Bu talaplary beýleki iň gadymy restoranlar, mysal üçin Pariždäki Le Procope (1686-njy ýylda esaslandyryldy), Pekindäki Bianyifang (1416) we Nýuportdaky White Horse Tavern (1673) ýerine ýetirip bilmedi, şonuň üçin olar dünýäde iň gadymysy diýen tituly alyp bilmedi.
Şeýle-de, iň gadymy restoran adyna Rimdäki La Campana dalaş edýär. Onuň wekilleri restoranyň 500 ýyldan gowrak taryhyny tassyklaýan resminamalary tapandygyny aýdýar.


24.01.2026 01:02
6.5k+

ÝB ýolagçylara çemodanlaryny plastik plyonka bilen örtmegi gadagan etmekçi bolýar

Ýewropa Bileleşigi howa ýolagçylaryna dahylly täze çäklendirmeleri taýýarlaýar. Olara laýyklykda, howa menzillerinde çemodanlary plastik plýonka bilen örtmegi gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu düzgün daşky gurşawa täsirleri azaltmaga gönükdirilendir...

10.01.2026 11:18
3.6k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler...

18.12.2025 11:38
5.2k+

Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady

Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär...

28.07.2025 17:45
13k+

Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw

Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň köp gatnawly ýerine öwrüldi. Diňe 7-nji iýuldan 13-nji iýul aralygynda howa menzili her günde ortaça 1612 gatnawy amala aşyrdy. Bu barada Ýewropanyň Howa hereketiniň howpsuzlygy guramasy (EUROCONTROL) tarapyndan neşir edilen "Ýewropa awiasiýa boýunça hasabatda" beýan edilýär...