Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady

  • 18.12.2025 11:38
  • 5.3k+

Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär.

Ýoluň uzynlygy 4,5 kilometre barabar. Täze transportyň netijesinde ýol wagty, takmynan, 40 minutdan (awtobusda) 18 minuta çenli azalar. Câble C1 her gün 11 müň töweregi ýolagçyny gatnadyp, dört şähere: Kreteýe, Walentona, Limeý-Brewana, şeýle-de Wilnýow-Sen-Žorža hyzmat eder.


Taslamanyň bahasy 132 mln ýewro boldy we Fransiýanyň hökümeti, Il-de-Frans sebiti we Wal-de-Marn departamenti tarapyndan maliýeleşdirildi. Asma ýolunda 20-30 sekunt wagt aralygy bilen 105 sany on orunlyk kabina hereket eder. Kabinalar hereketi çäkli raýatlary, welosipedçileri we çaga arabalaryny hem göz öňünde tutup döredildi, zerur bolan ýagdaýynda olaryň hereket tizligini-de sazlap bolýar. 


16.06.2026 23:15
4.3k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

18.05.2026 15:03
9.6k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......