Google kompaniýasy Android 16-ny resmi taýdan çykardy: smartfonlarda nämeler üýtgeýär?

  • 15.06.2025 15:34
  • 4.9k+

Google resmi taýdan Android 16-ny çykardy. Ilki bilen bu täzelenmä Pixel 6 we Pixel 6 Pro modellerinden başlap, Pixel smartfonlary we planşetleri eýe bolar. Soňra bu enjamlaryň sanawyna Samsung ýaly beýleki brendleriň enjamlary hem goşular diýip, «Lifehacker» ýazýar.

Esasy täzelikleriň arasynda – Material 3 Expressive atly täzelenen dizaýn dili bar. Ol interfeýsi has düşnükli edýär. Doly dizaýn täzelenmesi ýylyň dowamynda kem-kemden ornaşdyrylar.
iOS-daky Live Activities funksiýasyna meňzeş Live Updates atly funksiýa peýda boldy. Bu funksiýa programmanyň özüne girmezden, gulplanan ekranda göni täzelenýän maglumatlary (meselem, futbol oýnunyň hasaby ýa-da syýahat wagtyn taksiniň ýerleşýän ýeri) görkezýär. Ilkibaşda ol diňe gabat gelýän hyzmatlarda işlär.
Android 16 şeýle hem bir görnüşli bildirişleri awtomatiki usulda toparlap görkezer, bu bolsa olaryň gözden geçirilmegini aňsatlaşdyrar.
Eşidiş enjamlarynyň goldawy hem-de aldawçylardan gorag gowulaşdyryldy. Indi jaň wagty ses çeşmesi hökmünde smartfonyň mikrofonyny saýlap bolýar, bu bolsa gohly ýerlerde has gowy aragatnaşyk hilini üpjün eder. Ulgamda göni Android interfeýsinden ses derejesini we birikdiriş sazlamalaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýän opsiýalar peýda boldy.
Advanced Protection režimi kämilleşdirildi. Indi ol ulgama ornaşdyrylan ýagdaýda we şu aýratynlyklary öz içine alýar: ekran gulply wagty USB portlaryň ýapylmagy, howpsuz bolmadyk Wi-Fi torlara birikmegiň gadagan edilmegi we şübheli jaňlar barada duýduryşlary.
Samsung bilen bilelikde işlenip düzülen iş stoly (desktop) režiminiň kämilleşdirilen görnüşi goşuldy. Bu režim planşetlerde we uly ekranlarda has çeýe mümkinçilikleri üpjün edýär. Daşarky displeýleri goldamak ýaly goşmaça mümkinçilikler soň peýda bolar.
Işläp düzüjiler hem täze gurallary alýarlar: kameranyň sazlamalaryna (meselem, gijeki režim, reňk temperaturasynyň sazlamasy) amatly elýeterlilik, dürli ekran görnüşleri üçin uýgunlaşdyrylýan interfeýsler we bitewileşdirilen animasiýalar.
Pixel enjamlary üçin täzelenme ýakyn günlerde paýlanyp başlanar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....