SpaceX Kanaweral burnundaky SLC-37 kosmodromyny Starship raketalary üçin üýtgedip gurar

  • 14.06.2025 19:35
  • 1.9k+

SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnundaky (Florida) SLC-37 uçuş toplumyny Starship raketasynyň zerurlyklaryna görä gaýtadan üýtgedip gurmaga deslapky ygtyýarnamany aldy. Ozal bu meýdançadan ULA kompaniýasynyň Delta IV raketalary uçurylýardy, indi bolsa ol SpaceX-e berildi.

Taslama laýyklykda, beýikligi 182 metr bolan iki uçuş diňini gurmak meýilleşdirilýär – bu Starbase kosmodromyndakydan (Tehas) hem beýikdir, şeýle-de basgançaklaryň gonuşy üçin iki diň göz öňünde tutulýar. Bu toplumda Starship raketalarynyň ýylda jemi 76 uçuşyny we 152 gonuşyny (birinji basgançagyň 76 we ikinjiniň hem şonça gonuşy) amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Toplumyň çäklerinde metany suwuklandyrmak üçin zawod we kislorod hem azot almak üçin stansiýa gurlar. Şeýle infrastruktura Starbase-de eýýäm işleýär. Täze ýangyç ammarynda bolsa 16 500 tonna suwuk kislorod, 6 500 tonna suwuk azot we 5 000 tonna metan saklanar. Geljekde olaryň möçberi ulaldylar.
Ýangyç Kennedi adyndaky Kosmos merkezinden we ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan turbo geçirijiler arkaly kabul ediler. Tutuş infrastrukturany energiýa bilen üpjün etmek üçin 130 kW podstansiýa gurlar. Florida Power and Light kompaniýasy 250 megawatta çenli elektrik bilen üpjün eder. Şeýle-de, Tesla Megapack akkumulýatorlary birikdirilip bilner.
Köne desgalary sökmek işi şu hepde başlar. Ekologiýa barlagy heniz dowam edýär, ýöne deslapky baha bermeler düýpli töwekgelçilikleri ýüze çykarmady.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......