R.Meredow RF-niň daşary işler ministriniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy

  • 14.06.2025 20:48
  • 9.7k+

14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar S.W.Lawrowyň ýakyn wagtda ýurdumyza amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Türkmen tarapynyň soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalar sebäpli öz ugruny üýtgetmäge mejbur bolan Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň howa gämisine gonmaga mümkinçilik döretmegi munuň aýdyň mysaly boldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy adamlar üçin ähli zerur bolan şertleri, şol sanda iýmitlenmäge, derman we beýleki durmuş serişdelerine elýeterligi dessin döretdi. Şunuň bilen baglylykda, rus diplomaty berilen goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur hoşallygyny bildirdi.
Şol gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Nowosibirsk–Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan Russiýanyň uçarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonan döwründe berlen ýardamlar üçin” rus tarapynyň sagbolsuny beýan edilýär.
Hususan-da, 170 sany ýolagçynyň, şol sanda 22 sany çaganyň we 10 sany ekipažyň agzalarynyň Aşgabadyň howa menzilinde bolan wagtynda iýmit, içgiler we hyzmatlaryň doly toplumy bilen üpjün edilendigi bellenildi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......