Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 14.06.2025 14:23
  • 3.9k+

12-nji iýunda Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistandan migrasiýa we migrasiýa syýasaty bilen bagly bolan meseleler bilen meşgullanýan döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem çärä sebitde öňdebaryjy tejribesi bolan ýurtlardan, şol sanda Azerbaýjandan, Eýrandan, Russiýa Federasiýasyndan we Türkiýeden bilermenler hem-de halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Birinji bölümçe şahsyýeti anyklamaga hem-de resminamalary düzgünleşdirmäge bolan häzirki zaman çemeleşmelerine bagyşlandy, onuň çäklerinde migrasiýa dolandyryşynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda tejribe alşyldy, şeýle hem resminamalaryň galplaşdyrylmagyna we bikanun migrasiýa garşy göreş bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ekologiýa wehimlerine hem-de olaryň migrasiýa edýän täsirine bagyşlanan ikinji bölümçede howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň zaýalanmagynyň migrasiýa üçin netijelerine, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara başlangyçlaryna garaldy.
Üçünji bölümçede raýatsyzlygyň soňuna çykmak, olaryň ýollary we kanuny çözgütler ýaly meselelere deglip geçildi. Çykyş edenler raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler.
“Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” atly dördünji bölümçede elektron wizalar, sanly migrasiýa kartlary ýaly sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň dünýä ösüş ugurlary hem-de aç-açanlygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin emeli aňyň migrasiýa işlerini dolandyrmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Sebitleýin hyzmatdaşlyk: Parahatçylyk we ynanyşmak migrasiýa syýasatynyň esasy hökmünde” bäşinji bölümçäniň mowzugy boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar hyzmatdaşlygyň gurallaryna, migrasiýa akymlaryny dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ünsi jemledi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......