Türkmen küştçüleri Günbatar Aziýanyň çempionatynda 3 medal gazandylar

  • 14.06.2025 20:13
  • 7.4k+

4 — 12-nji iýun ara­ly­gyn­da Şri-Lan­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­lom­bo şä­he­rin­de spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça 20 ýa­şa çen­li ýaş­la­ryň ara­syn­da Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň 9 ýur­dun­dan 110 tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da geç­iri­len ýa­ryş­da türk­men küşt­çü­le­ri hem üs­tün­lik­li çy­kyş edip, 1 al­tyn, 1 kü­müş we 1 bü­rünç me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na al­tyn me­da­ly Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new et­ra­byn­da­ky 31-nji or­ta mek­de­biň 12-nji synp okuw­çy­sy Leý­la Şöh­ra­do­wa ge­tir­di. Küş­tüň ra­pid gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­da oňa taý ta­pyl­ma­dy. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň beý­le­ki 2 me­da­ly küş­düň ada­ty gör­nü­şin­den ga­za­nyl­dy. FI­DE-niň us­sa­dy, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň dil öw­re­niş bö­lü­mi­niň ta­ly­by La­la Şöh­ra­do­wa kü­müş, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň 1-nji ýyl ta­ly­by Aman­mu­ham­met Hom­ma­dow bol­sa bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar.
Belläp geçsek, 15-19-njy iýunda Aşgabatda küşt bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýaş­ly ça­ga­la­ryň ara­syn­da hal­ka­ra ýa­ry­ş geçiriler.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......