Täze tapyndylar gark bolan “San-Hose” galeonynyň syrlaryny açýar

  • 14.06.2025 18:38
  • 7.7k+

Gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (uly gämi) tapylan teňňeler alymlara onuň hakykylygyny we taryhy ähmiýetini tassyklamaga kömek etdi.

1708-nji ýylda Kartahenanyň kenarynda gark bolan “San-Hose” ispan galeony Kolumbiýanyň hökümeti tarapyndan baryp 2015-nji ýylda tapylypdy. Gämi Günorta Amerikanyň koloniýalaryndan toplanan hazynalary, şol sanda takmynan 11 million altyn-kümüş teňňäni, zümerredi we beýleki gymmat bahaly daşlary alyp barýan eken.
Şeýle uly hazyna Beýik Britaniýa bilen tagt ugrunda söweşýän korol Filip V-iň urşuny maliýeleşdirmek üçin niýetlenipdi. Iňlis gämileri söweşde galeony gark etdi.
Ýakynda alymlar hazynany öwrenmek üçin suwasty apparat ulandylar. Olar şaýy pullary ýokary durulykda surata aldylar we olaryň 3D modelini döretdiler. Şaýlarda olaryň 1707-nji ýylda Limada zikgelenendigini tassyklaýan nyşanlar tapyldy. Olaryň arasynda Ierusalim haçy, galaly we arslanly galkan bar. Şaýy pullaryň ters ýüzünde Lima zikgehanasyna mahsus bolan "Gerkulesiň deňiz tolkunlarynyň üstündäki täç sütünleri" şekillendirilýär.
Şaýy pullaryň ortaça diametri 32,5 mm, agramy 27 gram töweregi. Käbirlerinde metalyň arassalygyny tassyklaýan möhür bar.
Bu tapyndylar munuň hakykatdanam ispan “San-Hose” galeonydygyna şübhe döretmedi.
Bu barlag “Antiquity” žurnalynda çap edildi.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......