Hytaý dünýäde iň uly amfibiýa uçarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi

  • 15.06.2025 12:38
  • 5.2k+

Hytaý jogapkärli inženerler tarapyndan işlenip taýýarlanan dünýäde iň uly AG600 amfibiýa uçarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady. Uçar ýangynlary söndürmek we halas ediş işlerini geçirmek üçin niýetlenýär diýip, Hytaýyň awiasiýa senagaty korporasiýasy habar berdi.

South China Morning Post neşiriniň korporasiýa salgylanyp habar bermegine görä, Hytaýyň Raýat awiasiýasy edarasy (CAAC) AG600-i köpçülikleýin öndürmäge rugsat berýän şahadatnamany berdi.
AG600 Hytaýda taslanan iň uly uçarlaryň biri boldy. Sinhua agentliginiň maglumatlaryna görä, uçaryň uzynlygy 38,9 metre, beýikligi 11,7 metre, ganatlarynyň gerimi 38,8 metre barabar. Iň ýokary uçuş agramy 60 tonna, uçuş aralygy bolsa 4,5 müň kilometre ýetýär.
Uçar ýangyny söndürmek üçin 12 tonna çenli suw göterip bilýär. Ony suwda halas ediş işleri üçin ulanmak, şeýle-de deňiz gurşawyna gözegçilik etmek, ýolagçylary we ýükleri daşamak hem-de tebigy baýlyklary gözlemek üçin goşmaça enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......