BMG dünýäde çaga dogluş derejesiniň peselmeginiň esasy sebäplerini aýtdy

  • 14.06.2025 19:30
  • 12k+

Dünýäniň köp ýurtlarynda çaga dogluş derejesi rekord pes görkezijilere ýetdi. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) täze hasabatynda aýdylýar.

ÝUNFPA 14 ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Hindistanda, Braziliýada we Germaniýada 14 müň adamyň arasynda barlag geçirdi.
Pikir soraşmalara görä, her bäşinji adam öz isleýän çaga sanyny dünýä indirip bilmeýändigini aýtdy. Munuň esasy sebäpleri ýaşaýyş bahasynyň ýokary bolmagy we maliýe kynçylyklary boldy.
Pikir soraşma gatnaşanlar iş bilen ene-ata bolmagy utgaşdyrmagyň hem kyndygyny, şeýle-de döwlet tarapyndan goldawyň gowşaklygyny, saglyk bilen bagly näsazlyklary we syýasy durnuksyzlygy belledi.

“Dünýä çaga dogluşynyň giň gerimde pese gaçyş döwrüne aýak basdy. Dogluş koeffisiýenti köp adamlaryň öz isleýän maşgalasyny gurup bilmejekdigini duýmagy sebäpli ep-esli derejede azalýar we bu, hakykatdanam, çökgünlik” – diýip, ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Nataliýa Kanem belläp geçdi.

Guramanyň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzüniň ilaty 90 ýylda 3,1 mlrd adam artar. Esasy ösüşiň Afrikada, Aziýada we Latyn Amerikasynda bolmagyna garaşylýar. Ýewropada we Ýaponiýada, tersine, ilatyň sany azalyp biler.
Mysal üçin, 2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 3,67 mln çaga dünýä indi, bu bir ýyl ozalkydan 5,4% azdyr. Şeýle-de, bu 1961-nji ýyldan bäri iň uly peselmedir. Birinji çagasy dünýä inen zenanlaryň ortaça ýaşy 29,8 ýaşa çenli ýokarlandy. ÝB-de demografiki pese gaçyş 2008-nji ýyldan bäri dowam edýär. 


11.06.2026 12:12
7.6k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

24.05.2026 15:32
3.9k+

BMG: Afrikanyň paýyna dünýädäki jaý maliýeleşdirilmeleriniň 3%-denem az bölegi düşýär

Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed örän möhüm maglumaty mälim etdi. Maglumata görä, dünýä boýunça şäher ilatynyň takmynan 20%-iniň......