Siriýanyň Idlib şäherinde 1500 ýyl mundan ozalky Wizantiýa döwrüniň mazarlary tapyldy

  • 14.06.2025 19:16
  • 6k+

Siriýanyň Idlib welaýatynyň Maarret-en-Nuuman şäherinde ýykylan jaýyň harabalygy arassalanýan wagtynda Wizantiýa döwründen galan mazarlar toplumy tapyldy.  Onuň ýaşy, takmynan, 1500 ýyl diýip, Sky News habar berýär.

Potratçy daşyň açylan ýerlerini gördi, şondan soň ýerli ilat bu açyş barada hökümete habar berdi. Ol ýere gadymy ýadygärligi öwrenmek we goramak üçin hünärmenler iberildi.
Bu Wizantiýa döwründäki ýerasty mazarlykdyr diýip çaklanylýar. Munuň şeýledigine sütünleriň birine oýulyp çekilen haç, şeýle hem tapylan keramiki we aýna artefaktlary şaýatlyk edýär.
Wizantiýa imperiýasy biziň eýýamymyzyň IV asyrynda döräp, Rim imperiýasynyň mirasdüşeri hasaplanypdyr. Döwletiň paýtagty Konstantinopol (häzirki Stambul, Türkiye) bolupdyr. Wizantiýa resmi taýdan hristian dinine uýupdyr.


04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......