38 ýaşly Kamaru Usman UFC on ESPN 69 ýaryşynda Hoakin Bakliden üstün çykdy

  • 15.06.2025 22:33
  • 10k+

15-nji iýunda Atlantada (ABŞ) UFC on ESPN 69 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy UFC-niň öňki çempiony nigeriýaly Kamaru Usman bilen amerikaly Hoakin Bakliniň arasynda ýarym orta agramda geçirilen söweş boldy.

Söweş tutuş bäş raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Usmanyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
38 ýaşly nigeriýaly söweşiji üçin bu ýeňiş karýerasynda 21-nji boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dört ýeňliş bar. Mundan öň ol yzygider üç gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Bakliniň hasabynda indi 21 ýeňiş we ýedi ýeňliş bar. Ol Usman bilen duşuşykdan öň alty söweş bäri ýeňip gelýärdi.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Rouz Namaýunas bilen Miranda Mawerik duşuşdy. Emin agzalarynyň karar bermeginde Namaýunas ýeňiş gazandy. 


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......