ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy surat çekmek bäsleşigini yglan etdi

  • 14.06.2025 14:16
  • 2.8k+

BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylyň 11-nji iýulynda bellenýän Bütindünýä ilat güni we BMG-niň Ilat gaznasynyň dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatynyň goýberilmegi mynasybetli akwarel işleriniň bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmaga 15 ýaşly we ondan uly ýaşly şahslar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň her biri yglan edilen tema laýyk gelýän diňe bir nusgada görkezip biler. Işiň arka ýüzünde awtor doly adyny we familiýasyny, doglan senesini, telefon belgilerini we elektron poçta salgysyny görkezmeli.
Işleriň ählisine ýörite döredilen eminler baha berer. Işleri eltip tabşyrmak ýa-da şu salgy boýunça poçta arkaly ibermek bolar: Arçabil şaýolynyň 21-nji jaýy, Aşgabat, Türkmenistan, 744036.

Arzalary tabşyrmagyň ahyrky güni 2025-nji ýylyň 30-njy iýuny.
Telefon belgisi: +99362833158.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.1k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......