Türkmenistanyň ilçisi Filippinlerde birnäçe duşuşyklary geçirdi

  • 14.06.2025 14:11
  • 5.1k+

12-nji iýunda Türkmenistanyň Filippinlerdäki ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.) Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Saparynyň çäklerinde ilçi bu ýurduň Daşary işler we Syýahatçylyk departamentlerinde duşuşyklary geçirdi.
Ilçi filippin tarapyny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna we 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem taraplar Aşgabat şäherinde syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasynda medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny ösdürmek hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda işleri dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.


Mundan başga-da, 11-nji iýunynda Ilçi A.Baýramow bilen Aziýanyň ösüş bankynyň Prezidenti Masato Kandanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bu iri maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu ýylda geçiriljek birnäçe çärelere gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......