6k+

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar...

2.7k+

22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk görülýär...

1.5k+

15 — 19-njy iýunda Aşgabatda küşt boýunça hal­ka­ra ýa­ry­ş geçiriler

15 — 19-njy iýun ara­ly­gyn­da Aşgabatda küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­ş geçiriler. Ýaryşa taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Oraz­dur­dy­ýe­wa ha­sa­bat ber­di. Ýaryşlar Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de geçiriler...

1.9k+

Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk görülýär. Anna güni wise-premýer N.Ata­gu­ly­ýew sergä görülýän iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di...

2k+

“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi

“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy...

1.8k+

Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy

Downdetector platformasynyň maglumatlaryna görä, 12-nji iýun gijesi uly sanly hyzmatlaryň birnäçesiniň işinde giň gerimli näsazlyk ýüze çykdy. Ulanyjylar Google hyzmatlaryny – Cloud, Drive, Meet, Gmail, şeýle-de gözleg ulgamy we YouTube wideohostingini ulanmaga synanyşanlarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny habar berdiler...

9.3k+

Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy

Belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýne “Napoliniň” oýunçysy boldy. Bu barada italýan klubunyň metbugat gullugy habar berdi. “Şa Kew şu ýerde” – diýlip, “Napoliniň” X sosial ulgamyndaky (ozal Twitter) habarynda aýdylýar...

7.6k+

Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi

Balkanabat şäherinde “Kämil mugallym – kämil nesil” atly mugallymlaryň festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Kämil Bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi...

12k+

Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy

12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder. Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar...

1.4k+

Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz

Meşhur Google Chrome brauzeri indi köne Apple enjamlarynda täzelenmez. MacRumors portalynyň habar bermegine görä, bu birnäçe iPhone we iPad modellerine degişli bolar. Deslapky maglumatlara görä, geljekki Chrome wersiýalary aşakdaky enjamlary goldamaz: iPhone X; iPhone 8; iPhone 8 Plus; 5-nji nesil iPad; Birinji nesil 9,7 dýuýmlyk iPad Pro; Birinji nesil 12,9 dýuýmlyk iPad Pro...

3.3k+

Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler

Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär...

14k+

BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi

BMW Blog web saýty 1996-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan we Finlýandiýada hasaba alnan BMW 5 Series E39 sedany barada habar berdi. Bu awtoulagyň odometri 940 müň 503 kilometr görkezýär. Blogda bellenilişi ýaly, awtoulag ýylda ortaça 35 müň kilometr ýol geçipdir...

9k+

Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy

Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar...

8.7k+

Çikagonyň haýwanat bagynda delfiniň dogluşynyň seýrek pursatlaryny wideo aldylar

Çikagodaky Brukfild haýwanat bagynyň gözegçileri hepdäniň ahyrynda çüýşeburun delfiniň çagasynyň dünýä inişiniň seýrek pursatlaryny wideo aldylar diýip, Associated Press ýazýar. Wideoýazgyda Elli lakamly 38 ýaşly afaliniň haýwanat bagyndaky  ýaşaýan ýerinde çagasyny dünýä indirişi görünýär...

4.7k+

“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi

Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär. Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar...

6.8k+

Huawei üýtgeşik kameraly Pura 80 Ultra flagmanyny hödürledi

Huawei resmi taýdan Pura 80 flagman smartfon hataryny hödürledi. Oňa Pura 80, 80 Pro, 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda esasy täzelik iki dürli periskopik obýektiw bilen işläp bilýän bir sensora eýe bolan Ultra modeli boldy...

2.6k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra ylmy mas­la­ha­t öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň yl­my jemgyýet­çi­li­giniň we­kil­le­rini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady...

3.3k+

Şa gyzy Diananyň garderobyndan 100-den gowrak zat auksiona çykarylar

Iýul aýynyň ahyrynda Bewerli-Hillzde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) Princess Diana's Style & A Royal Collection auksiony geçiriler. Onda şa gyzy Diananyň garderobyndan ýüzden gowrak egin-eşik predmeti we aksessuarlar hödürlener diýip, CNN habar berýär...