Mercedes-AMG GT XX за 7 дней обогнул Землю и установил 25 рекордов

  • 28.08.2025 07:15
  • 8.1k+

18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir. Ýedi günlük sürüşiň dowamynda elektromobil birbada 25 dünýä rekordyny goýdy.

Esasy üstünlik täze AMG.EA elektrik platformasynyň ulanylmagy boldy. Üç YASA elektrik hereketlendirijisi we göni sowadyş bilen ýokary öndürijilikli batareýa ulaga 24 sagatda 5479 kilometr geçmäge mümkinçilik berdi – bu XPeng P7 hytaý elektromobiline degişli bolan öňki rekorddan 1518 kilometr köpdür.
Prototipleriň ikisi-de yzygiderli 300 km/sag tizligi saklap, diňe zarýad bermek üçin durdy. Zarýad bermegiň kuwwaty 850 kWt boldy, bu bolsa adaty infrastrukturadan onlarça esse ýokarydyr. Bäş minutda akkumulýator WLTP boýunça 400 km menzil üçin ýeterlik zarýady aldy.
Awtomobiller synaga bir wagtda başlap, biri-birinden 25 km-den az tapawut bilen pellehana geldi. Olar 12,68 kilometrlik ýol boýunça 3177 aýlaw we 35 gradusa çenli temperatura şertlerinde 5300 kilometrden gowrak ýol geçdi.
Mercedes-Benz Group AG-yň baş tehniki müdiri Markus Şefer synaglaryň täze AMG elektrik platformalarynyň mümkinçiliklerini tassyklandygyny we bu tehnologiýalaryň 2026-njy ýylda yzygiderli ulanylmagyna ýol açandygyny belledi. Hususan-da, ol YASA elektrik hereketlendirijileriniň we sowadyş ulgamynyň netijeliligini belläp geçdi. Olar brendiň geljekki elektrik modelleri üçin esas bolup biler. 


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes открыла в Берлине завод по выпуску двигателей с осевым магнитным потоком

Mercedes-Benz открыла в берлинском районе Мариенфельде предприятие по производству электродвигателей с аксиальным магнитным потоком. Технология уже используется в модели Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe....

03.06.2026 11:52
7.4k+

Редкий Mercedes-Benz 560SEL AMG 1991 года продали за $165 тысяч

В США на аукционе продали редкий седан Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG 1991 года выпуска. За автомобиль с заводскими доработками AMG покупатель заплатил 165 тысяч долларов пишет Bring a Trailer....

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz переходит на электромоторы Bosch с КПД до 98%

Компания Bosch подписала с Mercedes-Benz долгосрочный контракт на поставку электродвигателей для новых электромобилей. Соглашение рассчитано как минимум до 2030-х годов....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Новый Mercedes-AMG GT получил меняющий цвет крышу и 1169 лошадиных сил

Mercedes-AMG представил новый электрический спортивный седан AMG GT 4-Door Coupe с тремя осевыми электромоторами и мощностью 1169 лошадиных сил, сообщает The Verge....