Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi

  • 29.08.2025 13:31
  • 12k+

28-nji awgustda 2025/26 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. Ýewropanyň esasy ýaryşyna 36 gatnaşyjynyň ählisi umumy tapgyr boýunça öz garşydaşlaryny bildi.

Her topar sekiz garşydaş: reýting boýunça düzülen 4 sebediň hersinden iki topar bilen duşuşar. Häzirki çempion awtomatik taýdan birinji sebede düşdi.

Şeýlelikde, häzirki çempionyň – fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” garşydaşlary güýçli toparlar boldy. Klub öýünde “Bawariýany”, “Atalantany”, “Tottenhemi” we “Nýukasly” kabul eder, myhmançylykda bolsa “Barselona”, “Sportinge” we Bilbaodan “Atletige” garşy oýnar.

Madridiň “Realy” öýünde “Mançester Siti”, “Ýuwentus”, Marseliň “Olimpigi” we “Monako” bilen duşuşar. Myhmançylykda bolsa “Liwerpul”, “Benfika”, “Olimpiakos” we ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän “Kaýrat” bilen oýnar.

“Barselonanyň” haýbatly garşydaşlarynyň arasynda “Çelsi”, “Nýukasl” we ýokarda agzalan “PSŽ” bar.

Şeýle-de, umumy tapgyryň başga gyzykly oýunlary:

·“Arsenal” – “Bawariýa”

·“Inter” – “Arsenal”

·“Liwerpul” – “Atletiko Madrid”

·“Bawariýa” – “Çelsi”

·“Inter” – “Liwerpul”

·“Arsenal” – “Atletiko Madrid”

Çempionlar ligasy 2025/26-nyň umumy tapgyrynyň oýunlarynyň seneleri:

·Tapgyr 1: 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry

·Tapgyr 2: 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 1-nji oktýabry

·Tapgyr 3: 2025-nji ýylyň 21/22-nji oktýabry

·Tapgyr 4: 2025-nji ýylyň 4/5-nji noýabry

·Tapgyr 5: 2025-nji ýylyň 25/26-njy noýabry

·Tapgyr 6: 2025-nji ýylyň 9/10-njy dekabry

·Tapgyr 7: 2026-njy ýylyň 20/21-nji ýanwary

·Tapgyr 8: 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwary

Pleý-off oýunlarynyň bije çekişigi: 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary

1/8, 1/4 we 1/2 finallaryň bije çekişigi: 2026-njy ýylyň 27-nji fewraly

2025/2026 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly 2026-njy ýylyň 30-njy maýyna Budapeştdäki “Puşkaş Arenada” (Wengriýa) meýilleşdirilýär. Oýnuň başlanýan wagty Merkezi Ýewropa wagty boýunça 18:00-a (Aşgabat wagty bilen 22:00) süýşürildi.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......