Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy

  • 28.08.2025 07:19
  • 6.2k+

Astronomlar Deniel K. Inoue Gün teleskopynyň (DKIST) kömegi bilen Gündäki alawlamanyň jikme-jik suratyny aldy. Milli Gün obserwatoriýasynyň (NSO) hünärmenleri 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda bütindünýä wagty boýunça 20:12-de bolup geçen X1.3 derejeli alawlama wagtynda koronal arkalarynyň gara liniýalaryny ýokary takyklyk bilen surata aldy.

Surat sönme fazasynda düşürildi. Teleskop Günüň magnit liniýalary boýunça uzaýan gyzgyn plazmadan ybarat ýüzlerçe koronal arkalaryny surata aldy. Arkalaryň ortaça ini 48,2 km, iň inçeleri bolsa bary-ýogy 21 km barabar. Bu ozal syn edilmedik rekord görkezijilerdir.
Boulderdäki Kolorado uniwersitetinden Koul Tamburri bu açyşyň Gündäki magnit proseslerine has gowy düşünmäge we kosmos howasyny çaklamaga kömek etjekdigini aýdýar.

“Bu Inoue Gün teleskopynyň X derejeli alawlama ilkinji gezek syn etmegidir. Inoueden öň biz diňe bu şkalanyň nähili görünýändigini göz öňüne getirip bilýärdik. Indi bolsa ony öz gözümiz bilen görüp bilýäris” – diýip, Tamburri belledi. Onuň aýtmagyna görä, DKIST teleskopynyň Visible Broadband Imager guraly ululygy 24 km töweregi bolan obýektleri tapawutlandyryp bilýär, bu hili taýdan indiki Gün teleskopynyňkydan iki ýarym esse gowudyr.

Ylmy gözlegçiniň aýtmagyna görä, bu Günde häzire çenli surata alnan iň kiçi koronal arkalarydyr.
Ylmy gözlegiň netijeleri The Astrophysical Journal Letters žurnalynda neşir edildi.
Gawaýide ýerleşýän Inoue Gün teleskopy dünýäde iň ulusydyr. Onuň gurluşygy 2019-njy ýylda tamamlandy, 2022-nji ýylda bolsa doly derejeli işläp başlady. Teleskop Günüň üstünde 30 km çenli ululykdaky detallary tapawutlandyryp bilýär, bu hem Gün atmosferasynda ozal elýeterli bolmadyk prosesleri öwrenmäge mümkinçilik berýär.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......