“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy

  • 29.08.2025 19:36
  • 9.2k+

Stambulyň “Fenerbahçe” futbol kluby portugaliýaly Žoze Mourinýuny toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýyrdy. Bu barada klub X sosial ulgamynda habar berdi.

Çözgüt klubuň pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň “Benfikasyndan” utulyp, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmezligi bilen baglanyşykly boldy.
62 ýaşly Mourinýu “Fenerbahçe” toparyna 2024-nji ýylyň iýunyndan bäri ýolbaşçylyk etdi. Ol karýerasynyň dowamynda “Portu”, “Inter”, “Çelsi”, “Real”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem” we “Roma” bilen işleşdi. Onuň gazanan üstünlikleriniň arasynda Çempionlar ligasynda iki ýeňiş (“Portu” we “Inter” bilen), UEFA-nyň Kubogynda (“Portu” bilen) we Konferensiýalar ligasynda ýeňiş (“Roma” bilen), Portugaliýada, Italiýada, Ispaniýada we Angliýada birnäçe milli titullar, şeýle-de Angliýanyň Kubogynda we Superkubogynda ýeňişler bar.
“Fenerbahçe” bilen bir wagtda diýen ýaly Stambulyň “Beşiktaş” topary-da baş tälimçisini ýitirdi. Klub Konferensiýalar ligasynyň saýlama tapgyryndan çykandan soň norwegiýaly Ole Gunnar Sulşeri işden aýyrdy.
Pleý-off oýnunda klub Şweýsariýanyň “Lozanna” toparyndan utuldy. “Beşiktaş” 2022/23 möwsüminden bäri ilkinji gezek ýewrokubogyň esasy tapgyryna gatnaşmaz.
52 ýaşly Sulşer “Beşiktaşa” 2025-nji ýylyň ýanwarynda tälimçi bellendi. Onuň ýolbaşçylygynda topar geçen möwsümde Türkiýäniň çempionatynda dördünji orny eýeledi we milli kubogyň dörtden bir finalyna çykdy. 2018-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýtediniň” baş tälimçisi boldy, onuň bilen 2020/21 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy. Oýunçy hökmünde Sulşer 1996-njy ýyldan 2007-nji ýyla çenli “Mançester Ýunaýtedde” çykyş etdi, Angliýanyň alty çempionlyk titulyny, ýurduň iki Kubogyny, iki Superkubogyny gazandy, şeýle-de 1998/99 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. 


şu gün 13:39
3.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......