Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar

  • 28.08.2025 17:24
  • 5.7k+

1-nji oktýabrdan ABŞ-da elektromobil satyn alýanlar üçin 7500 dollar möçberindäki salgyt ýeňilligi hereket etmegini bes eder. Şol sebäpli amerikalylaryň köpüsi elektrokarlary öňünden satyn almak kararyna geldi, netijede olaryň satuwy çalt ýokarlanyp başlady.

Çaklamalara görä, awgust aýynda umumy awtomobil satuwynda elektromobilleriň paýy 12,8%-e ýeter, bu bir ýyl ozalkydan 3,2% köpdür. Görkezijiler 2024-nji ýylyň dekabryndaky öňki 11,2% rekorddan hem ýokary bolar.
Şeýle-de, ilkinji gezek ABŞ-da elektromobilleriň ortaça bahasy içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň ortaça bahasyndan pes boldy. Awtoöndürijiler 6700 dollara çenli möçberde arzanladyş hödürleýär, bu hem iýul aýyndaky arzanladyşdan 1500 dollar köpdür. Şonuň netijesinde elektrokaryň ortaça satuw bahasy 2500 dollar – 44 300 dollara çenli pese düşdi, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobiliň ortaça bahasy bolsa 45 700 dollara barabar.
Awgust aýynda diler merkezlerindäki elektromobilleriň umumy sany 197 000 boldy, bu iýul aýyndakydan, takmynan, 10 000 birlik azdyr. Çaklamalar boýunça, bu ätiýaçlyk geljek 59 gün üçin ýeterlik bolar. Ähtimal, awtoöndürijiler bar bolan awtomobilleri satmak üçin arzanladyşlary hem ýokarlandyrmaly bolar.
JD Power-iň maglumatlar we analitika boýunça uly wise-prezidenti Taýson Jomini 1-nji oktýabrda federal goldawyň bes edilmegi bilen elektromobilleriň häzirki ätiýaçlygynyň öndürijiler we dilerler üçin uly mesele bolup biljekdigini belledi.
Bilermenleriň köpüsi ýylyň ahyryna çenli satuwyň azalmagyna garaşýar. Ýöne has elýeterli modelleriň çykmagy bilen elektromobil bazary ýene öser. Ford, Tesla, Volkswagen we Toyota ýaly uly kompaniýalar elektrik ulaglaryny arzanlatmak syýasatyny dowam etdirýär. Şunuň bilen birlikde akkumulýatorlaryň sygymy we ygtybarlylygy, olaryň ýol ätiýaçlygy hem ýokarlanýar, zarýad infrastrukturasy bolsa has elýeterli bolýar.


düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....