Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda

  • 28.08.2025 12:21
  • 5.7k+

Ilon Mask özüniň soňky çykyşynda ýene Starship kosmos gämisini Ýerde ýokary tizlikli uçuşlar üçin ulanmak mümkinçiligi barada söz açdy.

SpaceX-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Los-Anjeles we Sidneý, Los-Anjeles we Tokio ýa-da Nýu-Ýork we Singapur ýaly şäherleriň arasyndaky syýahat 30 minutdan hem az wagt alyp biler. Mysal üçin, Nýu-Ýorkdan Londona Atlantikanyň üsti bilen uçuş sesiň tizliginden 25 esse ýokary tizligiň netijesinde bary-ýogy 10 minutda mümkindir.
Starship doly derejede köp gezeklik ulgam hökmünde ösdürilýär. Hasaplamalara görä, ol täjirçilik howa gämilerinden 30 esse ýokary tizligi berip bilýär, bu hem yklymara uçuşlary mümkin boldugyndan has gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Taslama planetara missiýalaryna gönükdirilendir. Ozal Mask Marsa ilkinji uçarmansyz uçuşlaryň 2026-njy ýylda, uçarmanly uçuşlaryň bolsa 2030-njy ýyllaryň başynda meýilleşdirilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, kosmos gämisi Aýa ekspedisiýa üçin ulag hökmünde görülýär.
Belläp geçsek, 27-nji awgusta geçilen gije SpaceX Starship-iň 10-njy synag uçuşyny geçirip, şowsuzlyklaryň arasyny üzdi. Uçuş bu gezek üstünlikli boldy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......