SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

  • 27.08.2025 11:42
  • 2.8k+

26-njy awgustda SpaceX amerikan kompaniýasy Starship gämisi oturdylan Super Heavy raketa göterijisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi. Çäre X sosial ulgamy arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, synagda öňde goýlan maksatlara ýetildi we bu uçuş "dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini işläp taýýarlamakda ähmiýetli ädim» boldy.
Synag wagtynda Super Heavy raketa-tizleşdiriji kosmos gämisinden bölünip aýrylyp, Meksikan aýlagyna gondy. Starship bolsa bir sagatdan gowrak dowam eden uçuşynda birnäçe Starlink emeli hemrasynyň simulýatorlaryny orbita çykardy we soňundan Hindi ummanyna dolandyrylýan ýagdaýda gondy. Gonandan soň partlama ýüze çykdy.
SpaceX bu ýagdaýy düşündirip, prototipi saklap galmak maksatlarynyň bolmandygyny, esasy maksadyň dik gondurmak üçin ugrukdyrma mümkinçiliklerini barlamakdygyny, onuň hem üstünlikli ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Super Heavy bilen bilelikde Starship-iň beýikligi 123 metr bolup, bu ony taryhda iň uly we iň güýçli raketa öwürýär. Taslama kosmos uçuşlarynyň bahasyny arzanlatmak üçin gaýtadan ulanylmaga niýetlenendir.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask öňräk 2026-njy ýylda Starship-iň Marsa uçup biljekdigini belläpdi. Şeýle hem NASA ony Aýa adamly uçuşlarynda ulanmagy meýilleşdirýär. Ilkinji synag uçuşlary 2023-nji ýylda başlanypdy. Mundan öň geçirilen dokuz synagyň diňe ikisi üstünlikli diýlip hasap edilipdi. Olaryň dördüsi raketa-tizleşdirijisiniň partlamasy bilen tamamlandy.
Onunjy uçuş ilkibaşda 24-nji awgusta bellenipdi, emma uçuşa birnäçe sagat galanda ýerüsti ulgamyndaky tehniki näsazlyklar sebäpli yza süýşürildi.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......