Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

  • 28.08.2025 07:04
  • 6.7k+

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy.

Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy. Ulagy Ýaponiýadan bir müşderi satyn aldy.
GT-R modeli öz taryhyny 1957-nji ýyldan alyp gaýdýan Skyline modelinden aýratyn hatara bölündi. Awtomobil goşa turboly 3,8 litrlik VR38DETT V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ilkibaşda onuň kuwwaty 353 kWt (480 at güýji) deňdi, 2017-nji ýyldan ol 419 kWt (570 at güýji) çenli artdyryldy. Iň kuwwatly wersiýa 600 at güýjüni beren GT-R NISMO boldy.
Häzire çenli GT-R R35 awtosportda uly üstünlikleri gazandy. Ulag bäş gezek Super GT GT500-iň çempiony boldy, üç gezek Super GT GT300 titulyny utdy, “Batýorstyň 12 sagady” ýaryşynda we Blancpain Endurance Series tapgyrlarynda ýeňiş gazandy.
2016-njy ýylda model Ginnesiň rekordyny goýdy: ýörite taýýarlanan MY16 GT-R-de Masata Kawabata 304,96 km/sag tizlikde dolandyrylýan drift etdi, bu hem dünýäde iň tiz drift boldy.


08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....