Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 29.08.2025 16:18
  • 3.1k+

25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dublin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Irlandiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi, şeýle hem irlandiýa tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny bellediler.
Mundan başga-da, 26-njy awgustda ilçi Ýa.Serýaýew Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça direktorynyň orunbasary Fiona Nik Dhonnaça, «Global Ireland» baş direktory we ministrligiň ykdysady bölüminiň wekili Kolm Heýes bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ugurlarda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika we bilim pudagynda Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, ilçi irlandiýa tarapyna Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasaty, daşary ýurtlar bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklar, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşi barada maglumat berdi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......