UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi

  • 29.08.2025 00:20
  • 11k+

UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnunyň başlanýan wagtynyň üýtgedilendigini habar berdi. 2025/26 möwsüminden başlap, ýaryşyň aýgytly oýny Merkezi Ýewropa wagty boýunça 21:00-da däl-de, 18:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00) başlar.

Gurama bu çözgüdiň tomaşaçylar, toparlar we oýny kabul edýän şäherler üçin oýun gününiň rahat bolmagyny gazanmak bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Oýnuň ir başlanmagy maşgalalara we çagalara möwsümiň esasy klub oýnuna arkaýyn gatnaşmaga mümkinçilik berer.

 “Biz bu üýtgeşmeler bilen janköýerleriň rahatlygyny üns merkezine alýarys. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly futbol möwsüminiň iň esasy oýny we täze wagt ony has elýeterli hem täsir galdyryjy eder.
Oýnuň Merkezi Ýewropa boýunça 21:00-da başlamagy hepdäniň ortasyndaky oýunlar üçin has laýyk gelýän bolsa-da, şenbe güni finalyň ir başlanmagy onuň goşmaça wagta ýa-da penalti tapgyryna garamazdan, ir tamamlanmagyny aňladýar we janköýerlere agşamyň galan bölegini dostlary we maşgalalary bilen geçirip, möwsümiň oýny barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär” – diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin aýtdy. 


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......