Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi

  • 28.08.2025 12:01
  • 8.1k+

Rolls-Royce kompaniýasy Inspired by Primavera (italýança primavera “bahar” diýlip terjime edilýär) ady bilen Spectre elektrik kupesiniň çäkli tapgyryny yglan etdi.

Kolleksiýa dürli reňkli kuzowy, ýöne sakuranyň güllemegine bagyşlanan bir umumy çeper bezegi bolan üç awtomobil girdi. Ulaglary 2026-njy ýylyň ýazynda eýelerine gowşurmak meýilleşdirilýär. Kompaniýa ulaglaryň bahalaryny aýtmady.
Ýörite wersiýalaryň esasy elementi ülje şahalary boldy. Ol elde çekildi, soňra bezegde ulanmak üçin sanly görnüşe geçirildi. Şekili kuzowda, gapy bosagalarynda, kelle goýulýan ýerde we salonyň agaç panelinde görmek bolýar. Açylýan güli ýatladýan 23 dýuýmlyk teker diskleri hem munuň üstüni ýetirýär. Potolokdaky “ýyldyzly gije” Demirgazyk ýarym şarda ýyldyzlar toplumynyň ýazky çalşygyny alamatlandyrýar.



Üç awtomobiliň her birine at berildi.

  • Evanescent ak we mawy reňklerde bezeldi.
  • Reverie çal-gök, sary we ak reňkleri utgaşdyrýar.
  • Blossom ak we sary öwüşginler bilen benewşe hem gülgüne reňkleriň utgaşmasyny aldy.

Tehniki taýdan Rolls-Royce Spectre 585 at güýjüni we 900 Nm aýlanma güýjüni berýän enjam bilen üpjün edildi. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 4,4 sekunt wagt alýar. 102 kWt/sag sygymly litiý-ion akkumulýatory 446 km çenli ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär.







20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...