Londonda şa gyzy Diana we iki çaga tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy

  • 29.08.2025 00:27
  • 12k+

Beýik Britaniýada Uels şa gyzy Diana tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy. Bu barada The Guardian ýazýar.

Agaç guty 1991-nji ýylda Londonyň merkezindäki Greýt-Ormond-Stritde Variety Club hassahanasynyň binasynyň düýbi tutulanda gömüldi. Diana 1989-njy ýylda bu lukmançylyk edarasynyň prezidenti boldy we 1997-nji ýylda aradan çykmazyndan ozal oňa birnäçe gezek baryp gördi.
Diana wagt kapsulasyny “Blue Peter” çagalar programmasynyň bäsleşiginde ýeňiji bolan iki çaga bilen bilelikde gömdi. Olar 1990-njy ýyllardaky durmuşy alamatlandyrýan 10 predmeti saýlady.
Şol wagt 11 ýaşynda bolan Peýntondan Dewid Uotson bu kapsula Kaýli Minougyň “Rhythm of Love” albomy bilen ykjam diski, gaýtadan işlenen kagyz ýapragyny we pasport goýdy.
Norijden dokuz ýaşly Silwiýa Foulks britan teňňelerini, bäş agaç tohumy bolan konteýneri we garjagazyň gologrammasyny goşdy.
Şeýle-de, kapsula jübi telewizory, Gün batareýasynda işleýän kalkulýator, daşynda Mihail Gorbaçýowyň suraty bolan Times gazetiniň nusgasy we Diananyň suraty goýuldy.
Ilkibaşda geljege ýüzlenme “ýüzlerçe ýyl” durar diýlip çaklanypdy, ýöne ony 35 ýyldan az wagtdan soň gazyp aldylar. Bu täze çagalar onkologiýa merkeziniň gurluşygyna ýer boşatmak üçin edildi.  


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......