Häzirki günde dünýäde iň ýokary IQ-sy bolan adamlar atlandyryldy

  • 29.08.2025 19:50
  • 7.9k+

Adamlarda aň koeffisientiniň (IQ) hasaba alnan iň ýokary görkezijileri 200-den 250 bala ýetýär. BBC Science Focus žurnaly häzirki adamlaryň arasynda kimde iň ýokary derejäniň hasaba alnandygy barada maglumatlary  hödürledi.

IQ mesele çözmek başarnyklaryny, ýady we beýleki kognitiw funksiýalary barlaýan standartlaşdyrylan testler arkaly aň ukyplaryna baha bermek üçin ulanylýar. IQ-nyň ortaça derejesi 100 bal bolup, bu aýratyn görkezijileri dünýä ilatynyň görkezijileri bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. 85-den aşaky netijeler pes, 130 we ondan ýokary netijeler bolsa ýokary hasaplanýar.
Bellenilişi ýaly, aň synaglarynyň netijeleri, köplenç, nädogry düşündirilýär. IQ absolýut birlik däl: 100 bilen 130 balyň arasyndaky tapawut 30% artykmaçlygy aňlatmaýar. IQ-nyň ýokary çägi teoretiki taýdan kesgitlenmedik.
Häzirki döwrüň öňdebaryjylarynyň arasynda “Matematikanyň Mosarty” hökmünde tanalýan Terens Tao bar. Onuň IQ-sy 225-den 230 aralygynda diýlip hasaplanýar. Ol uniwersitet matematikasyny dokuz ýaşynda öwrenip başlady, 16 ýaşynda bolsa Prinstonda doktorlyk dissertasiýasyna girişdi. 24 ýaşynda Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň professory bolup, bu ada mynasyp bolan iň ýaş alym boldy. 2021-nji ýylda Prezident Jo Baýdeniň ylym we tehnologiýa boýunça Geňeşçiler maslahatynyň agzasy boldy.
Tao 18 kitap we 300-den gowrak ylmy iş çap etdi.
Amerikaly ýazyjy, dramaturg we žurnalist Merilin wos Sawant 1986-njy ýyldan 1989-njy ýyl aralygynda iň ýokary IQ-nyň (228) eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 1990-njy ýylda rekord şeýle ölçegleriň ygtybarsyz hasaplanmagy sebäpli ýatyryldy. Onuň Ýer ýüzünde iň akylly adam ýa-da zehindigi baradaky tassyklama jedeliň predmetine öwrüldi, çünki adamyň näderejede akyllydygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän umumy ykrar edilen usul ýok. Wos Sawantyň özi aňyň köp sanly komponentlerden ybaratdygyny, şonuň üçin ony ölçemek synanyşygynyň manysyzdygyny nygtaýar.
IQ synagynyň takyklygy günüň wagtyna, synagdan geçirilýän adamyň dartgynlylyk derejesine we ýaşyna bagly bolýar. Ylmy gözlegler ýetginjeklik ýaşyndaky çagalaryň netijeleriniň gaýtadan barlananda 9 bal peselip biljekdigini görkezdi.

şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......