BMG: 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşyň derejesi her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär

  • 28.08.2025 15:49
  • 5.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşynyň derejesi baradaky maglumatlary çap etdiler. Olaryň seljermelerine görä, bu görkeziji her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär.

Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti belli bir ýurtda çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýalyň dogurýan çagalarynyň ortaça sanyny görkezýär.
Maglumatlara görä, tropiki we günorta Afrikada, Merkezi Aziýada, Pakistanda, Ýemende we Owganystanda ýokary görkezijiler saklanyp galýar. Bu sebitlerde her aýalyň dört-alty çagasy bar.
Iň pes görkezijiler Taýwanda, Koreýa Respublikasynda we Singapurda hasaba alyndy, bu ýerde çaga dogluş koeffisiýenti  her aýal başyna 0,72-1,11 çagadan düşýär.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......