Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy

  • 28.08.2025 06:41
  • 4.1k+

Angliýadan dokuz ýaşly Frenki Makmillan 700-den gowrak dag depesine, şol sanda Ýewropanyň iň beýik on depesine çykdy diýip, What’s the Jam habar berýär.

Frenki üç ýaşynda alpinizm bilen meşgullanyp başlady. Onuň ejesi Basýa hem ogly bilen bilelikde dag depelerine işjeň çykýar we ömrüniň köp böleginiň daglarda geçýändigini belleýär.
Şu tomus Frenki ejesi bilen bilelikde Ýewropanyň üç belli depesine çykdy: Slowakiýadaky Gerlah depesi (2655 m), Polşadaky Rysy daglary (2499 m) we Çehiýadaky Snežka (1603 m). Iýun aýyndan bäri olar 15 depä çykdy, şolardan 11-isiniň beýikligi 2 müň metrden geçýär.
Ýakynda Frenki Athlete Media Group bilen şertnama baglaşdy we saglygy goramak meseleleri boýunça BMG-niň wekili boldy. Ir bilen oýanmalydygyna we bolup biljek howplara (mysal üçin, aýylar bilen duşuşyk) garamazdan, oglan we ejesi ýetilen üstünlik bilen saklanmak islemeýär we indiki tomus täze gezelençleri meýilleşdirýär. Olar depeleriň birine haýyr-sahawat çykyşyny gurnamak isleýär. 


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......