Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

  • 28.08.2025 11:47
  • 6.2k+

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy.

Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy. “Budýo-Glimt”, “Pafos” we “Kaýrat” Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna ilkinji gezek çykdy.
Umumy tapgyryň bije çekişigi 28-nji awgustda Monakoda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Toparlar şeýle görnüşde paýlandy:
Sebet 1

  • “Pari Sen-Žermen” (Fransiýa)
  • Madridiň “Realy” (Ispaniýa)
  • “Mançester Siti” (Angliýa)
  • “Bawariýa” (Germaniýa)
  • “Liwerpul” (Angliýa)
  • “Inter” (Italiýa)
  • “Çelsi” (Angliýa)
  • Dortmundyň “Borussiýasy” (Germaniýa)
  • “Barselona” (Ispaniýa)

Sebet 2

  • “Arsenal” (Angliýa)
  • “Baýer” (Germaniýa)
  • “Atletiko” (Ispaniýa)
  • “Benfika” (Portugaliýa)
  • “Atalanta” (Italiýa)
  • “Wilýarreal” (Ispaniýa)
  • “Ýuwentus” (Italiýa)
  • Frankfurtyň “Aýntrahty” (Germaniýa)
  • “Brýugge” (Belgiýa)

Sebet 3

  • “Tottenhem” (Angliýa)
  • “PSW” (Niderlandlar)
  • “Aýaks” (Niderlandlar)
  • “Napoli” (Italiýa)
  • “Sporting” (Portugaliýa)
  • “Olimpiakos” (Gresiýa)
  • “Slawiýa” (Çehiýa)
  • “Budýo-Glimt” (Norwegiýa)
  • “Marsel” (Fransiýa)

Sebet 4

  • “Kopengagen” (Daniýa)
  • “Monako” (Fransiýa)
  • “Galatasaraý” (Türkiýe)
  • “Ýunion” (Belgiýa)
  • “Karabah” (Azerbaýjan)
  • “Atletik” (Ispaniýa)
  • “Nýukasl” (Angliýa)
  • “Pafos” (Kipr)
  • “Kaýrat” (Gazagystan)

“Oýunlaryň seneleri bilen Çempionlar ligasynyň doly senenamasy 30-njy awgustdan gijä galman hödürlener” – diýlip, UEFA-nyň saýtyndaky metbugat relizinde bellenilýär.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......