Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler

  • 29.08.2025 19:51
  • 13k+

Ýarym orta agramda UFC-niň çempiony, awstraliýaly Jek Della Maddalena (18-2) bilen ýeňil agramda promouşeniň öňki çempiony, russiýaly Islam Mahaçewiň (27-1) arasyndaky titul söweşi UFC 322 ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Bu barada söweş guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Söweş 2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Nýu-Ýorkdaky “Medison-skwer-gardende” geçiriler.
Öň, Mahaçew täze agram derejesinde çykyş etmek üçin ýeňil agramda çempion guşagyndan ýüz öwürdi. Onuň soňky söweşi 2025-nji ýylyň ýanwarynda boldy. Şonda ol ýeňil agramda tituly goramagyň çäklerinde braziliýaly Renato Moýkanony ýeňip, söweşi sabmişen bilen tamamlady.
Şeýle-de, UFC 322 ýaryşynyň çäklerinde zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda çempion tituly ugrunda Gyrgyzystanyň wekili Walentina Şewçenko (25-4-1) bilen hytaýly Weýli Çžan (26-3) söweşer. Şol gün agşam öňki çempion Leon Edwards hem (22-5) braziliýaly Karlus Prates (22-7) bilen duşuşar.
Ýaryşyň doly sanawy gijräk belli bolar.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......