Ispaniýada “pomidor söweşi” geçirildi: adamlar birek-birege 120 tonna pomidor zyňdy

  • 29.08.2025 19:48
  • 15k+

Ispaniýanyň Bunýol şäherinde 80-nji La Tomatina festiwaly geçirildi, onuň çäklerinde bolsa däbe öwrülen “pomidor söweşi” boldy.

Baýramçylyga dünýäniň dürli ýerinden syýahatçylar geldi, olar giriş petegi üçin 15 ýewro töledi. Ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde olar birek-birege, takmynan, 120 tonna pomidor zyňdy diýip, El País habar berýär.
Festiwal 27-nji awgustda günortan başlady. Şäheriň merkezine pomidorly alty ýük ulagy geldi we meýletinçiler olary gatnaşyjylaryň arasynda zyňyp başlady. Agşam köçeleri we öýleri suw şlanglarynyň we ýangyn söndüriji ulaglaryň kömegi bilen arassalaýarlar.
La Tomatina Bunýolda 1945-nji ýyldan bäri awgustyň soňky çarşenbesinde geçirilýär. Ilkibaşda baýramçylyk çagalaryň birek-birege pomidor zyňmagy bilen başlapdy.
1950-nji ýyllarda festiwal Fransisko Franko tarapyndan gadagan edildi, sebäbi baýramçylygyň dini manysy ýokdy we peýda getirmeýän ýa-da ispan gymmatlyklaryna laýyk gelmeýän zat hökmünde görüldi. Bunýolyň ýaşaýjylary bu çözgüde garşy çykdy we hatda “pomidor jaýlamasyny” geçirdi. Gadaganlyk 70-nji ýyllaryň ortalarynda ýatyryldy. 1980-nji ýyllardan bäri La Tomatina her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýän milli baýramçylyk hasaplanýar. 


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......