Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy

  • 28.08.2025 12:35
  • 6.8k+

MLS (ABŞ we Kanada) we MX ligasynyň (Meksika) klublarynyň arasyndaky futbol boýunça demirgazyk amerikan ýaryşynyň – Ligalaryň kubogynyň ýarym final oýunlary geçirildi. Aýgytly oýunda kubok ugrunda göreşmek hukugyny “Inter Maýami” we “Sietl Saunders” gazandy.

“Inter Maýami” Lionel Messi bilen ýarym finalda “Orlando Sitini” 3:1 hasabynda utdy. Duşuşyk Fort-Loderdeýldäki “Çeýz Stedium” stadionynda geçirildi.
Oýunda hasaby birinji ýaryma goşulan wagtda “Orlando Sitiniň” ýarym goragçysy Marko Paşaliç açdy. 75-nji minutda onuň klubdaşy Dawid Brekalo ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykdy. Bir minutdan Lionel Messi penaltiden gol geçirdi, 88-nji minutda bolsa Žordi Albanyň topy geçirmeginde ikinji goluny girizdi. Ikinji ýaryma goşulan wagtda Telasko Segowiýa gutarnykly hasaby kesgitledi, oňa Luis Suares kömek etdi.
Karsondaky “Digniti Hels Sports Park” meýdançasynda geçirilen beýleki bir ýarym final oýnunda “Los-Anjeles Gelaksi” bilen “Sietl Saunders” duşuşdy. “Sietl” 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Ýeňijileriň düzüminde Pedro de la Wega (7-nji minut) we Osaz De Rozario (57) tapawutlandy. 83-nji minutda “Sietliň” goragçysy Nuu Tolo gyzyl duýduryş aldy, ýöne bu oýnuň netijesine täsir etmedi.
Belläp geçsek, “Inter Maýami” 2023-nji ýylda Messi üçin ilkinji möwsümde Ligalaryň kubogyny utdy. Bu klubuň taryhynda ilkinji resmi kubok boldy. 


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....