«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

  • 29.08.2025 07:25
  • 11k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular.
«Günbatar» sebitiniň «A» toparçasynda çykyş edýän bu toparlaryň arasyndaky duşuşyklar şu ýylyň 25 — 31-nji oktýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Butanda geçiriler.
Deslapky tapgyryň netijesinde toparçalaryň sekizisiniň ýeňijileri: «Gündogar» hem-de «Günbatar» sebitleriniň toparçalarynyň ýeňijileri bilen birlikde her sebitden iň gowy netije görkezen ikinji ornuň wekili çärýek finalda güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.
AFK-nyň Çagyryş ligasynyň utulan-çykdy tapgyry 2026-njy ýylyň mart, ýarym finallary aprel, final duşuşygy bolsa 9-njy maýda geçiriler.
Belläp geçsek, ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary geçen möwsüm AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy başarypdy. Arkadag şäheriniň adybir topary Kambojada geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda ýerli «Prea Han Rich Sway Rieng» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......