Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy

  • 28.08.2025 12:23
  • 4.3k+

Meşhur basketbolçylar Maýkl Jordan we Kobi Braýant tarapyndan gol goýlan kartoçka ABŞ-da Heritage Auctions auksionynda 12,9 mln dollara satyldy. Bu mukdar sport kartoçkalary üçin rekord boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Kartoçka Upper Deck Exquisite Collection 2007/2008 seriýasyna degişlidir. Gollardan başga-da, onda iki nagyşlanan logotip bar. Ol öňki eýesinde on ýyldan gowrak saklandy we 6 mln dollar baha bilen auksiona çykaryldy.
Auksion öýüniň müdiri Kris Aýwi bu kartoçkany häzirki kolleksionerler üçin “Mukaddes Graal” diýip atlandyrdy we şuňa meňzeş başga ýokdugyny belledi.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, bu kartoçka sport kolleksiýasynyň dünýäsinde bahasy taýdan ikinji predmet boldy. Ondan gymmat satylan haryt beýsbol legendasy Beýb Rutyň 1932-nji ýylda çykarylan maýkasydyr, ol 2024-nji ýylyň awgustynda 24,12 mln dollara satyldy. 


08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

04.06.2026 11:43
5.8k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

08.02.2026 00:19
5.4k+

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...

16.01.2026 16:44
1.5k+

Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi...