Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy

  • 28.08.2025 07:32
  • 8.2k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallyk bildirip hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda geçirildi.

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygynyň maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döredendigini belledi.

"Dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeledi" diýip, Baş sekretar aýtdy.
"Awaza syýasy Jarnamasy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy Geljegiň bähbidine pakt hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen baglanyşykly bolup, geljek on ýyl üçin hereketleriň meýilnamasydyr. Bu borçnamalar söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, düzümleýin özgertmelere, ulag arabaglanyşygyna, tehnologiýalara, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga we halkara goldawy herekete getirmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrar" diýip, Guterriş belledi.

Hatyň ahyrynda Baş sekretar özüne hem-de wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

"Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly we netijeli durmuşa geçirmek işinde Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip, ol jemledi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......