Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi

  • 28.08.2025 06:36
  • 5.3k+

Forbes neşiriniň wersiýasy boýunça, repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar. Onuň baýlygy 2,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.

2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop-artist-milliarder boldy. Soňky ýyllarda onuň baýlygy ep-esli: 2023-nji ýyldaky 1,4 mlrd dollardan 2,5 mlrd dollara çenli artdy. Ol girdejiniň esasy bölegini aýdym-sazdan däl-de, alkogol biznesiniň netijesinde gazandy. Roc Nation leýblinden başga-da, oňa konýak we çakyr brendleri degişli. Şeýle-de, Jay-Z Uber kompaniýasynyň paýnamalaryna eýeçilik edýär.
Aýdym-saz pudagynda iň baý zenan Teýlor Swift bolup galýar, onuň baýlygy 1,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Bu serişdeleriň esli bölegini aýdymçy gönüden-göni aýdym-sazyň üsti bilen gazandy: takmynan, 600 mln dollary töleglerden we çykyşlardan aldy. Onuň aýdym-saz katalogynyň bahasy hem şonça barabar.
Ozal iň baý zenan sazanda tituly Rianna degişlidi. Onuň baýlygy iň ýokary derejesinde 1,77 mlrd dollar bilen bahalandyrylypdy, ýöne häzir ol 300 mln dollar azaldy.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.8k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...