Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder

  • 29.08.2025 00:59
  • 12k+

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda geýjek köýnekçesiniň arkasyndaky familiýasyny üýtgeder. Bu barada milli ýygyndynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Postda 9-luk belgili we arkasynda “Braut Haaland” – Brýout Holand ýazylan köýnekçe bilen wideo ýerleşdirildi. 25 ýaşly futbolçy ýazga ejesiniň, öňki ýeňil atletikaçy we ýedi görnüşli ýaryş boýunça Norwegiýanyň çempiony Grýu Marita Brýoutyň familiýasyny goşdy. Futbolçy ene-atasynyň ikisiniň hem familiýasy bilen çykyş etmek kararyna geldi.
Ilkinji gezek Holand täze köýnekçesinde sentýabrda Finlýandiýa we Moldowa bilen DÇ-2026-nyň saýlama oýunlarynda oýnar. Şol bir wagtyň özünde, “Mançester Sitiniň” köýnekçesinde Erling familiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirmeýär.


düýn 10:24
4.3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......