Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar

  • 28.08.2025 15:51
  • 5.7k+

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär.

Kompaniýa eýýäm 500 we 1000 metr belentliklerde şuňa meňzeş gurnamalary synagdan geçiripdi. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda kuwwaty 500 kWt bolan turbinaly 23 × 15 m ölçegdäki dirižabl synag edildi we 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda 100 kWt turbinaly 30 × 15 m-lik prototip synag edildi. Häzirki wagtda S1500 platformasy taýýarlanýar, ol kuwwaty 1 megawattlyk turbinany 1500 m belentlige çykarar. Kompaniýanyň berýän habaryna görä, şeýle gurnamalar üçin sargytlaryň mukdary 70 million dollardan geçdi.
Işläp taýýarlama betbagtçylyk bolan zolaklara we barmasy kyn ýerlere energiýa bermek üçin niýetlenendir. Geljekde ýeliň tizligi has ýokary bolan 10 müň metre çenli beýiklige çykanda, şeýle platformalar köpçülikleýin täjirçilik taýdan ulanylyp  bilerler.
Hytaý gurnamasynyň her synagy öz toparynda dünýä rekordyna öwrüldi. Deňeşdirmek üçin, ABŞ-da 30 kWt kuwwatlylygy bolan şuňa meňzeş ýel turbinasyny bary-ýogy 297 metre galdyrmak mümkin bolupdy.
Şeýle elektrik stansiýasynyň gurluş ýörelgesi 1957-nji ýylda alym Sýan Sýuesen tarapyndan teklip edilipdi. Elektrik stansiýasy energiýany ýere kabel arkaly geçirýär, şeýle hem ol urgan bolup hyzmat edýär. Howpsuzlyk üçin howa radarlary we datçikler ulanylýar, güýçli ýel öwsen ýagdaýynda turbinany bäş minutda togtadyp bolar. Özboluşly geliý saklaýyş ulgamynyň platformanyň 25 ýyla çenli howada galmagyna mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.


17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....