Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy

  • 28.08.2025 07:12
  • 6.6k+

Özbegistanyň günortasynda, Surhandarýa derýasynyň jülgesinde, Toda gowagynda Özbegistandan, Hytaýdan we Ýewropadan arheologlaryň topary gadymy adamlaryň gonalgasyny tapdy. Onuň ýaşy, takmynan, 9,2 müň ýyla barabar. Bu ýerde daş oraklary, ýabany arpanyň we beýleki ekinleriň däneleri, şeýle-de awçy-ýygnaýjylar tarapyndan ýygnalan ösümlik galyndylary tapyldy diýip, TASS habar berýär.

Bu gonalga irki neolit döwrüne degişli. Ylmy gözlegçiler alma çigitlerini we pisse gabyklaryny, uzyn we inçe päkili daş pyçaklaryny, degirmen we beýleki zähmet gurallaryny tapdy. Gurallardaky sypjyryk yzlary olaryň ýabany arpanyň baldagyny kesmek we däneleri işlemek üçin ulanylandygyny görkezdi.
Arheologlar şeýle yzlara ozal Lewantyň ilkinji ekerançylarynyň oraklarynda we Gyrgyzystandaky Fergan jülgesiniň günorta böleginde ýerleşýän Obişir-5 toplumynyň has giçki artefaktlarynda-da duşupdy. Bu Ýewraziýanyň dürli sebitlerinde irki ekerançylyk däpleriniň bir wagtda diýen ýaly peýda bolandygyny görkezýär.
Alymlaryň pikiriçe, medeni ekinler tötänleýin ýüze çykypdyr. Daýhançylyk sungaty Ýakyn Gündogarda, Hindistanda we Eýranda, takmynan, 12-10 müň ýyl ozal adamlaryň oturymly durmuş ýörelgesine geçmegi bilen emele gelipdir. Bu däpler soň beýleki sebitlere-de ýaýrapdyr.
Toda gowagyndaky tapyndylar oturymly ekerançylyga geçişiň nähili bolandygyna we gadymy adamlaryň däneli ekinleri işlemegi we saklamagy nädip özleşdirendigine düşünmäge kömek edýär.
Ozal Özbegistanyň daş asyryna degişli Obi-Rahmat diýen ýerinde arheologlar ýaşy 80 müň ýyldan gowrak bolan ýaý bilen oklary tapdy. Bu bolsa sebitiň gadymy ýaşaýjylarynda aw awlamak başarnyklarynyň ir ýüze çykandygyny görkezýär.


düýn 11:37
4.2k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.1k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......