Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi

  • 29.08.2025 15:41
  • 8.2k+

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Gatnaşyjylar ýokary we iň ýokary derejeleräki gatnaşyklaryň aýratyn ornuna ünsi çekip, bu duşuşyklaryň uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy babatynda ylalaşdylar.
Iki ýurduň taryhynda 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti bellenildi: bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygy we Beýik Watançylyk urşunda ýeňşiň 80 ýyllygy.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça konstruktiw dialog geçirildi, hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we baha berdiler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de geljek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglylykda diplomatlar şu ýylyň iýun aýynda ministr S.Lawrowyň Aşgabat şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda umumy ygrarlylyk beýan edildi. Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň işiniň durnukly we uzak möhletli döwletara dialog üçin täsirli mehanizm bolup hyzmat edýändigini bellediler. Onuň çäginde anyk meýilnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.
Taraplaryň özara pikirine görä, ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary dostlukly türkmen we rus halklaryny birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüldi.
Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň çägindäki bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bellenildi. BMG, GDA, Hazarýaka ýurtlary we «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň meseleleriniň sebit çäklerinden çykandygy we ilkinji nobatda BMG-niň derejesinde giňişleýin halkara çemeleşmäni talap edýändigi bellenildi.
Diplomatlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ministrler KHBS wekilleri üçin ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......